24-nji dekabrda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparynyň iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparynyň ilkinji mejlisidir.
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine ýardam bermek bu toparyň wezipesi bolup durýar.
Şu gezekki mejlisiň işine onlarça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, häkimlikleriň, banklaryň, beýleki edara kärhanalaryň wekilleri, IT-meýdançalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparynyň Düzgünnamasyna hem-de bilimine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri girizildi.