16.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Saňa şek ýetirmerin» / Daňatar Galpakow
«Saňa şek ýetirmerin» / Daňatar Galpakow
22.01.2020 624 Bäsleşik

Watan, mydam sen hakynda,
Hyýallarym, pikirlerim.
Joşup ýazýan her hatymda,
Kalpdan çykýan setirlerim.

Ýüze sylyp çoýunýaryn,
Säherleňde dogýan Güni.
Öz goýnuňda ýaşatmagyň,
Juda bagtly edýär meni.

Şatlygymdan ganat ýaýyp,
Uçasym ge:r asmanyňda.
Pederleriň yzyn görýän,
Garaguma düşlänimde.

Ajap döwrüň gözel keşbi,
Nurlandyrýar didelerim.
Seň goýnuňa örklenmişem,
Ondan asla mizemerin.

Watan, mydam sen hakynda, 
Hyýallarym, pikirlerim.
Owal-başdan kasamym bar,
«Men saňa şek ýetirmerin».

Daňatar Galpakow.