milli goshun logo
Salaheddin Eýýuby
Salaheddin Eýýuby
26.05.2019 5545 Harby Taryh

Eýýuby türkmenleriniň döwletiniň hö­küm­dary Salaheddin Eýýuby 1137–1138-nji ýyllarda doglupdyr. Taryhçy O.Ekäýew onuň kakasy Şady Eýýubynyň Zeňňi türkmenleriniň atabegliginde serkerdebaşy bolandygyny, onuň salyr türkmenleriniň gurt tiresindendigini ýazýar. Salaheddin 26 ýaşyndan başlap Nureddin Zeňňiniň Müsür ýörişlerine gatnaşypdyr (1163–1169 ý. aralygy). Salaheddin Eýýuby Nureddin Zeňňiden soňra haçparazlara garşy işjeň göreşen türkmen serkerdesidir. Ol 1169-njy ýylyň ahyrynda, 32-33 ýaşlarynda mahaly Dimýatda birleşen wizantiýa-haçparaz güýçlerini ýeňipdir. Onuň Iýerusalim haçparaz korollygyna garşy ilkinji uly ýörişi Gazza we Askalan saparydyr (1170 ý. 14-nji noýabry — 9-njy dekabry). Salaheddin 34 ýaşynda Iýerusalim korollygyna degişli Eýle şäherini haçparazlaryň elinden almagy başarypdyr (1170 ý.). Salaheddin german imperatory Fridrih Barbarossany, fransuz koroly Filipp Awgusty, iňlis koroly, «Şir ýürekli» lakamly Riçardy eýmendiren serkerde bolupdyr. 

Gyzyl deňzinde harby-deňiz flotyny saklan türkmen serkerdeleriniň birem Salaheddin Eýýubydyr. Salaheddin Müsür flotunyň güýjüni artdyrypdyr. Ol 37 ýaşynda Sisiliýa flotuny derbi-dagyn edip (1174 ý. 26-njy iýuly), olaryň Aleksandriýany eýelemek umydyny puja çykarypdyr. 1174-nji ýylda Salaheddiniň Gyzyl deňzindäki deňiz güýçleri Ýemene we Hijaza ýöriş gurap, bu ýerleri eýeläpdir.

Salaheddin italýan şäher döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýup, Müsüriň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrypdyr.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.