13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji noýabrda Türkiýe Respublikasyna iş sapary
tamamlanandan soň, Türkmenbaşy şäherine geldi. Milli Liderimiz bu ýerde
egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda
bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.
Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga
giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport
gurallary bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli
hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine
niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen topluma
gelip, häzirki döwürde dünýäde umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, saglygy
goramagyň kadalaryny berjaý etmegiň düzgünlerine eýerdiler.