Biziň merdana pederlerimiz iň irki döwürlerden bäri ýaraglaryň esasy görnüşlerini oýlap tapmagy başarypdyrlar. Ilki başda ýaraglar ýönekeý zatlardan, el ýüzünde bar bolan agaçdan, gaýyşdyr süňkden ýasalypdyr. Adamzat aňynyň ösmegi bilen metal ýüze çykypdyr. Ýaraglar ýörite tejribeli ezber demirçi ussalar tarapyndan ýasalypdyr. Ussalaryň ýasan ýiti tygly ýaraglary duşman howpundan goranmaga ýardam edipdir. Demriň giňden ýaýramagy sebäpli ondan goranyş görnüşli urujy, çapyjy, kesiji görnüşli ýiti ýüzli tygly ýaraglar ýasalypdyr. Esasan-da ir wagtlar türkmenleriň durmuşynda gylyç ýaragynyň öz orny bolupdyr. Dilçi alym S. Atanyýazowyň bellemegine görä, gylyç sözi «gylawly, gyly ikä bölüp bilýän iňňän ýiti ýarag» manysyndadyr.
Ata-babalarymyz söweşler üçin: egri gylyç, düýrme gylyç, uz gylyç ýaly başga-da täsin görnüşli oňaýly gylyçlary ulanypdyrlar. Munuň ýaly gylyçlar demirden örülip dokalan galyň sowutlary goranyş galkanlaryny parran çapmaga ukyply bolupdyr.
Gylyç hemişe dürli döwürlerde özge metal garylmadyk arassa polatdan ýasalypdyr. Polat ýiti otda gyzdyrylypdyr. Gyzgyn polady garaýaga emaý bilen çümdürilip suw berlip taplanyp işlenipdir. Bu hem poladyň hiliniň ýokarlanmagyna, berkemegine has-da ýardam edipdir. Emma garaýag hemme gylyç üçin ulanylmandyr. Käbir gylyç dürli usulda taýýarlanypdyr. Esasanda ir döwürler gylyç ýasaýan ussalar üç ýaşar bedewiň üstüne münüp, eli bilen gylyjy iki ýana bulaýlap daň säheriň çygly howasyndan suw içen ötgür gylyçlary taýýarlapdyrlar. At üstündäki gylyjy taýýarlamak diňe ezber ussalar başaryp bilipdir.
Ussalar harby serkerdeler hem-de adaty adamlar üçin «egri gylyç» ýasapdyrlar. Olar duşman üçin niýetlenip ýasalan käbir gylyjyň tygly ýasy ýüzüni dikligine sähelçe oýup çyzyk goýupdyrlar. Ol çyzyga «ganakar» diýlipdir. Munuň ýaly gylyçlary ýasanlarynda «har peşewsi» garylan dürli zäherli ot-çöplerden taýýarlanan suw bilen işlenipdir. Suwly gapda birnäçe günläp ýüň mata ezilip goýlupdyr. Soňra gyzdyrylan poladyň daşyna ezilen matany örtüpdirler. Mata örtükli polat gaýta-gaýta taplanypdyr. Mundan başgada «halallyk gylyjy» ussatlyk bilen hem ýasalypdyr. Halallyk gylyç beýleki gylyçlardan sünnälenip, oňa üzärligiň (ýüzärlik) hem-de sähra güllerinden taýýarlanan suwy içirilip ýasalypdyr. Halallyk gylyjy ir wagtlar türkmen ak öýleriň töründe daşy «gyn gaby» geýdirilip, asylyp goýlupdyr. Onuň gyny eýlenen gaýyşdan (gön) ýasalypdyr. Ol hemişe ynançlar, däp-dessurlar berjaý edilende ulanylypdyr. Meselem; ynançlara görä, gylyç çaganyň çile günlerinde göz-dilden, bela-beterden, al-arwahdan gorasyn diýip başujynda goýlupdyr.
Ussalaryň aýtmagyna görä, bir gylyjy taýýarlamak üçin birnäçe aý-günler sarp edilipdir. Gylyjyň taýýar bolandygyny bilmek üçin ussalar täsin tilsimleri hem ulanypdyrlar. Ussalar tekiz suwly güzeriň boýuna baryp suwuň ýüzüne kagyz ýazypdyrlar. Soňra suwuň ýüzüne ýazylan kagyzy, gylyç suwy bulandyrman kesip bilse, ol gylyjyň taýýardygyny bilipdirler. Başga usul hem ulanypdyrlar. Ol wagtlar ussalaryň taýýar eden gylyjyny pälwan oglanlara berip olaryň ukyp başarnygyny barlapdyrlar. Olar gezekli-gezegine gylyjyň sap we uçly tyg tarapyndan tutup, ony egreltmek synagyny geçiripdirler. Halypa ussa ýasan gylyjyny egreldip bilen pälwana sowgat hökmünde peşgeş beripdir. Emma mäkämlenip taplanan gylyjy egreltmek asla pälwanlara başartmandyr. Ussa bu synagdan soň, öz ýasan gylyjynyň taýýardygyny aňyp, ony gerekli adama niýetläpdir.
Perman Halmyradow,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.