Durmuşda bolup geçýän käbir şatlykly wakalaryň
täsiri aýlap-ýyllap hem hakydaňdan çykmaýar. Biz olary hatda üstünden ýyllar
geçenden soňra hem ýatlap ýörýäris. Käbir begençli wakalaryň şatlygy bolsa, her
gün gaýtalanmak bilen barha uly mana eýe bolup, bir ömür biziň hemramyz bolýar.
Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de, maşgalada perzendiň dünýä inmegidir. Çaga dünýä
inen gününden başlap, onuň ata-enesidir ýakyn hossarlary çaga bilen bile
maşgala gelen ullakan bagtyň nähili süýjüdigini günsaýyn duýup ýaşaýarlar...
Borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Batyr
Joraýewiň maşgalasy bolsa, şeýle bagta indi dördünji gezek eýe boldy. Özi hem,
olaryň dördünji gezek eýe bolan bagtlary tutuş halkymyz bolup ýüze sylyndy.
Çünki bu maşgalada ilçilikde seýrek duş gelýän ýagdaý — üçem çaga dünýä indi.
Maşgalada ekiz ýa-da üçem perzendiň dünýä inmegi, yryma ynançly halkymyzda
Hakyň nazar salmagy, ykbalyň gülüp bakmagy hasap edilýär. Meniň özümem mawy
ekran arkaly bu bagtyýar maşgala hakynda taýýarlanan gepleşige tomaşa edenimde,
biri-birine meňzäpjik duran akja bäbejikleri gaýta-gaýta ýüzüme sylypdym.
Şondan kän wagt geçmänkä bolsa, maňa şu okaýan makalaňyzy taýýarlamak üçin şol
maşgala myhman bolmak, ykbalyň üýtgeşik peşgeşi bolan şol üçem bäbejikleri
elime alyp, olary gaýtadan ýüzüme sylmak nesip etdi.
Halk içinde aýdylýan «Her bir zat öz döwrüne görä» diýen aýtgy, meniň Joraýewleriň agzybir ojagyna gadam basan badyma aňyma doldy.
Ol aýtgy, juda jaý aýdylan hakykat ekeni. Öň üç gyz perzendiň eýesi bolan bu
maşgalada birbada üçem ogul perzendiň dünýä inmegi, olara-da Rowaç, Daýanç,
Guwanç diýlip, bizi üstünlikden-üstünlige sary alyp barýan bagtyýar döwrümiz
bilen bagly atlaryň dakylmagy Joraýewleriň maşgalasynyň döwrebap, hakyky watan
goragçysynyň maşgalasydygyna güwä geçýär. Olaryň hersi bir jigisini göterip,
ýylgyryp duran gyzjagazlary Maral, Mähri hem-de Aýnajyk bolsa, halkymyzyň «Oguldyr döwletiň başy, gyz hem bolsa göwün hoşy» diýen ýagşy niýete beslenen
jümlesini ýadyňa salýar.
Men Joraýewleriň maşgala ojagyna tarap ugranymda,
öz ýanymdan «Üçemleriň ata-enesinden ony soraryn, muny soraryn» diýip, käbir
zatlary belleşdirip goýupdym. Emma ak bagta meňzeş, jennetiň ysy kükäp duran
bäbejikleri ýeke-ýekeden gujagyma alyp, ýüzüme sylyp ýörşüme, sorajak diýen
zatlarymy hem soramandyryn. Bir zada bolsa, has-da haýran galdym. Men olaryň
gapysyndan girenimden tä gaýdýançam, ýüzümdäki ýylgyryş aýrylmady. Men hatda
Joraýewler bilen sagbollaşyp, ýola düşenimden soňam, öz iş ýerime gelenimden
soňra-da şol ýylgyrdym ýördüm. Soň ýatlap otursam, üçemleriň kakasy Batyryň,
olaryň ejesi Mamajanyň, asyl şol ýerdäkileriň ählisiniň hem ýüzünde bir enaýy
ýylgyryş bardy. Men soraýyn diýen zatlarymy näme üçin soramandygyma-da indi
düşünýärin. Eýsem, tutuş durky bilen ýylgyryp, ýüz-gözi begençden gülüp duran
adamdan «Sen bagtlymy?» diýip soramagyň hajaty barmy?! Dünýä inen üçem
perzentlerine ýurdumyzy gurşap alan rowaçlyga, bagtyýar döwür bilen halkyň
birliginde kemala gelen mizemez daýanja, şeýle bagta buýsanýan kalplarymyzda
joş urýan guwanja mynasyp nesiller bolup ýetişmegi arzuwlap, süýji arzuwlar
bilen Rowaç, Daýanç, Guwanç dakan ata-eneden bagtyýar döwrümiz hakyndaky haýsy
sowala şondan ajaýyp nähili jogap alyp bolar?! Bize diňe harby gullukçy Batyr
Joraýewiň agzybir maşgalasynyň şatlygyna şärik bolup, döwrebaplykda, döwlete
ýarlykda olardan nusga alaýmak galýar. Özi hem, üçem oglan perzentleriň hut
watan goragçysynyň maşgalasynda dogulmagy, aýratyn bir mana eýedir. Bu çuň
manyny bir tarapdan, mukaddes ata Watany goramagy özüne bagt saýyp, bu belent
borja ömrüni baglan ynsana ykbalyň ýapan serpaýy diýip düşündirip bolsa, ikinji
bir tarapdan, mähriban ýurdumyzda ata kesbini dowam edip, Watan ogly bolup
ýetişjek nesilleriň dowamynyň üzülmezliginiň buşlukçysy diýip kabul edip bolar.
Goý, her bir türkmen ojagyna rowaçlyk getirýän
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň her bir güni mundan beýläk hem
şeýle ýakymly wakalara beslensin. Öz iliniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, erkana
ösüp-örňemegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň
jany sag, belent başy aman, il bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri
hemişe rowaç bolsun!
Aýgül GARAÝEWA, «Esger».