milli goshun logo
Resmi habarlar
Resmi habarlar
05.12.2020 957 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekow BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy;

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy;

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy;

Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy;

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýokarda görkezilen resminamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň Türkmen böleginiň işi hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Düzgünnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

***

“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

***

“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin çykdajylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawlary tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.