«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky degişli şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kerwen Bäşimyradowiç Aýdogdyýew Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Tejendurdyýewiç Adyýew Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.