milli goshun logo
Resmi habarlar
Resmi habarlar
03.10.2020 939 Habarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem mähriban Watanymyzyň barha gülläp ösüşini, halkymyzyň şöhrata beslenen geçmiş mirasyny, asylly däp-dessurlaryny, kämil ahlak-edep, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Karary «Edebiýat we sungat» gazetinde dolulygyna çap edilýär.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasynda ilatyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň çägini arassaçylyk taýdan goramak we howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmek hem-de «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 221-nji maddasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ilatyň saglygyna köpçülikleýin zyýan ýetirip biljek islendik hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda, gözegçiligiň aýratyn we has güýçlendirilen goşmaça görnüşlerini geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Tertibiň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda waksinalar arkaly keselleriň öňüni almak we bu işde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň» çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

* * *

Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Hazar deňzi boýunça işini utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli amala aşyrmak, pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine – esaslyk maýadaky paýy 40 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.