milli goshun logo
Resmi habarlar
Resmi habarlar
25.10.2020 495 Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenistanda radioýaýradyş toruny giňeltmek üçin zerur bolan FM radioýaýradyjy enjamlaryny satyn almak, gurnamak we işe girizmek barada Awstriýa Respublikasynyň «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine ministrligiň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügini öndürýän önümçilik üçin hem-de Daşoguz pagta egirme fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamyş we gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşygynda ulanylýan agaç we izolýasiýa serişdeleriniň ýylda 7200 tonnasyny öndürýän önümçilik üçin häzirki zaman enjamlaryny, olary Türkmenistana getirmek, ýerinde gurnamak we sazlamak bilen bagly ähli işleri geçirmek şerti bilen satyn almak barada Italiýa Respublikasynyň «Cormatex Srl.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça ýurdumyz bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi we bu topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bu guramanyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi hem-de bu topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.