Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol
çekdi. Resminama laýyklykda, dünýäniň iri halkara pul gaznalarynyň hem-de
birnäçe maýa goýum edaralarynyň Arkadag şäherini has-da ösdürmek, döwrebap
innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýokary derejedäki önümçilikleri
ýola goýmak, şäheriň ulag üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, bu ugurda
maslahatlaşmak we tejribe alyşmak, şeýle hem durnukly, hemmetaraplaýyn ykdysady
ösüşi gazanmak, gurluşyk we beýleki işlere maýa goýumlar bilen bagly gyzyklanmalarynyň
artýandygyny göz öňünde tutup, Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň
nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň
wekiliýetiniň agzalary 2024-nji ýylyň 22 — 26-njy oktýabry aralygynda
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar.