Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny, baky Bitaraplyk derejämize ygrarlylykda alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatymyzy, bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzyň taryhy özgerişlerini, bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, şöhratly taryhymyzy, gözel tebigatymyzy, milli ýol-ýörelgelerimizi kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle-de onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Edebiýat we sungat» gazetinde dolulygyna çap edilýär.