Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde hem-de özgertmeleri
amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly,
sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp,
şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat
goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek we «Halkara zenanlar güni
mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda»
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji
Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol
çekdi.
Resminama
laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda,
guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden
aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada
okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji
aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli
çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2024-nji ýylyň 1 — 6-njy marty
aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni
mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda
gowşurmak bellenildi.