Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala
aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek
ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de «Welaýatlar
boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini
ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1772-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady
bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba
hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 14 müň tonna güýzlük ýeralmanyň
tohumyny satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň «ВEЯ ИHBECT» jogapkärçiligi
çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.