Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny
başlamak bilen, şolary işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa geçirmegiň ähli
tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge,
şol sanda bezeg we ekologiýa ugurlary, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyrmak, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki hem-de
ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge täzeçil, oýlanyşykly çemeleşmegiň
ähmiýetini belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji
dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzda guralýan halkara
sergileriniň ähmiýetini belledi. Şolar beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygy ýokary
derejede ösdürmegi dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Gurluşyk pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berýän hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 28-nji awgustda
Aşgabatda “Türkmengurluşyk — 2018” halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň
gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi.
“Türkmengurluşyk —
2018” giň gerimli pudaklaýyn sergä dünýäniň 14 döwletinden – Hytaýdan,
Russiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden,
Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden,
Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan kompaniýalaryň 130-dan gowragy
gatnaşdy.
Batly depgin bilen ösýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny
giňeltmäge çalyşýan daşary ýurtly işewürler hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze
mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Munuň şeýledigine sergide görkezilen
diňe döwlet pudak kärhanalarynyň däl-de, eýsem, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda
işleýän, iri taslamalary durmuşa geçiren hususy gurluşyk bölüminiň — «Nusaý
ýollary», «Altyn nesil», «Aktab», «Ajaýyp gurluşyk»,«Beýik bina» we beýleki
köpsanly kompaniýalarynyň kuwwaty ýardam edýär.
Sergide öňdebaryjy daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary hem-de
innowasion gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, ýörite tehnikalary öndürýän
«Poyatos», «Buig», «Rönesans», «Hebei Weizhengheng Modular House Technology»,
«Gap Inşaat», «Ticcurila», «Hofmann GmbH» ýaly kompaniýalar öz önümlerini
görkezdiler.
24 — 25-nji maýda geçirilen “Ak şäherim-Aşgabat” atly XVII
halkara köpugurly sergi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin
netijeli çärä öwrüldi, daşary ýurtly myhmanlara dürli pudaklaryň hem-de
ýurdumyzyň baş şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, ägirt uly
durmuş-ykdysady serişdelerini we mümkinçiliklerini görkezýän türkmen halk
hojalyk toplumynyň ösüşiniň üstünlikleri bilen tanyşmaga kömek etdi.
Şu ýyl ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň firmalarynyň hem-de
kärhanalarynyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň,
Koreýanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň işewür toparlarynyň 80-den
gowragy öz önümlerini görkezdiler.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara pudaklaýyn
maslahatlaryň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň hem-de gurluşyk
senagatynyň hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagynyň möhüm guraly bolup
durýandygyny hem bellemek gerek.
Paýtagtymyzyň keşbindäki hem-de şäher düzümlerindäki gerimi
we pikiri boýunça deňsiz-taýsyz özgertmeler, onuň iň täze taryhy we geljekki
ösüşi, gürrüňsiz suratda, “Ak şäherim-Aşgabat” diýen serginiň mümkinçilik berşi
ýaly, aýdyň hem-de giň gerimde görkezilmäge mynasypdyr. Serginiň halkara
derejesi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy, diplomatik,
ykdysady we sebitiň işewürlik merkezi hökmünde ähmiýet berýän Aşgabadyň
derejesini tassyklaýar.
Forumda ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, häzirki
zaman gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri, kompýuter we aragatnaşyk
mümkinçilikleri, azyk senagaty ulgamynda gazanylanlar , ekologiýa meselesini
çözmekde, sporty hem-de syýahatçylygy, ylmy, işgärler mümkinçilikleri, medeni
gatnaşyklary ösdürmekde ýetilen sepgitler görkezildi. Başgaça aýdylanda,
bularyň ählisi iri şäheriň keşbini kemala getirýär.
Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyndan
başlap, ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň hem-de gurluşyk serişdeleri
önümçiliginiň gurluşygyna çenli dürli ulgamlarda ýöriteleşen telekeçileri we
haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezdiler.Ykdysadyýetiň döwlete
dahylsyz bölegini goldamak we höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen
çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, olaryň sany Türkmenistanda
ýyl-ýyldan artýar. Şeýlelikde, sergide “Ajaýyp bina”, “Ussat inžener”, “Ajaýyp
gurluşyk”, “Beýik bina”, “Ojar Aziýa” we beýleki hususy kärhanalar durmuşa
geçiren hem-de geljekde amala aşyrmakçy bolýan taslamalaryny görkezdiler.Olaryň
hasabynda paýtagtymyzda we sebitlerimizde gurlan ençeme durmuş hem-de önümçilik
desgalary bar.
Şu ýyl Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda seýilgähleriň
dördüsiniň açylyşy boldy. Olar Berkararlyk etrabyndaky “Kemine”, Köpetdag
etrabyndaky “Nurmuhammet Andalyp”, Bagtyýarlyk etrabynda Magtymguly şaýolunyň
we Tähran köçesiniň çatrygynda hem-de Büzmeýin etrabynda Gündogar köçesiniň
ugrunda gurlan seýilgählerdir. Bular paýtagtymyz babatda “Bag-bossanlyga
beslenýän şäher”, “gür bagly şäher” diýlip aýdylýan meňzetmeleriň hakdygyny
ýene bir gezek tassyklaýar. Bu çeper meňzetmeler şäherleşmegiň häzirki depgininiň
ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary ölçegleri bilen tebigy sazlaşýan häzirki wagtda
şäher gurluşygynyň düýpgöter täze nusgasynyň mysalynda öz hakyky beýanyny
tapýar. “Ýaşyl begres” şäher durmuşynyň möhüm bölegi bolmak bilen,
goh-galmagalyň derejesini peseldýär, howany arassalaýar, amatly howa gurşawyny
döredýär.
6-8-nji dekabr aralygynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sergiler jaýynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň guramagynda geçen
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly
binagärlik sergisi hem şähergurluşyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri we onuň
mümkinçiliklerini görkezdi. Bu ýerde ussatlar bilen birlikde, ugurdaş ýokary
okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem öz işlerini görkezdiler.
Gözden geçirilişiň çäklerinde, ýurdumyzyň binagärleriniň
döredijiliginde täze ýörelgeleri we ugurlary ýüze çykarmaga gönükdirilen
bäsleşik hem ilkinji gezek guraldy. Eminler dolandyryş-jemgyýetçilik hem-de
syýahatçylyk binalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar we desgalar, landşaft
binagärligi — seýilgärler we dynç alyş ýerleri, kiçi binagärlik görnüşleri ýaly
dört ugur boýunça hödürlenen işleriň 300-e golaýyny seljerdiler. Ýeňijilere
hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu işlerde ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ugurdaş
maslahatlaryň we sergileriň ähmiýeti uludyr. Olarda döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň we halkymyzyň gülläp ösmeginiň
bähbidine gönükdirilen şähergurluşyk syýasatynyň ähli artykmaçlyklary aýdyň
görkezilýär.