(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Aşgabat döwrebap we sazlaşykly ösýän şäher hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde adam hakyndaky alada esasy orunda durýar. Şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasynda häzirki zamanyň binagärlik we inženerçilik-tehniki taýdan öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 3-nji maýda geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda bu babatda ýene-de birnäçe anyk wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimize Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriň baýramçylyk meýdançalarynyň, käbir binalarynyň dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelişiniň görnüşlerini hem-de şekilleri görkezildi.
Ýurdumyzyň baş şäheri ak guw ýaly binalary, gözel keşbi, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin döredilen amatly şertleri bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ginnesiň rekordlar kitabynda möhüm orun eýelän ak mermerli şäheriň gündizleriniň ýakymly bolşy ýaly, paýtagtymyzyň agşamky görnüşlerinde hem özboluşly gözellik bar.
Şanly sene mynasybetli häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň, täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dörediljek älemgoşar öwüşginli gözellik halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşar. Munuň özi 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp derejede garşylaýan şäheriň bezeg aýratynlyklaryna, onuň arassaçylygyna, abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.
«Milli goşun».