Düýn – 18-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar.TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr toparlaryny paýtagtymyzda jemlän II teatr festiwaly medeniýetleri baýlaşdyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry festiwalyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy. Teatryň girelgesiniň öňünde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly sahna çykyşy teatr sungatynyň adamlary birleşdiriji ornuny, onuň döwletleriň we halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmakdaky goşandyny açyp görkezdi.
Günüň ikinji ýarymynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň sahnalaşdyran «Magtymguly» atly spektakly görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň forumy geçirildi. Agşam döredijilik çykyşlary Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda dowam etdi. Teatr sungatynyň festiwalynyň ilkinji gününiň wakalary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň «Kabyl we Habyl» atly sahna eseri bilen tamamlandy. Bu spektakllaryň uly üstünlige eýe bolmagy sungatyň halklary birleşdirýändigini ýene bir ýola tassyklady.