Täze okuw
ýylynyň başlamagy mynasybetli paýtagtymyzy Aşgabadyň iri ýaşaýyş toplumlarynyň
biri bolan Parahat 7/1 toplumda mekdebe çenli edaranyň ýene-de biri ulanmaga
berildi. Ýaşajyk eýelerini ilkinji gezek kabul eden çagalar bagy döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bilim ulgamynda başy başlanan
özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, bu ulgamyň ýokary halkara
ölçeglerine gönükdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Terbiýelenjek
160 körpelere niýetlenen iki gatly döwrebap bina çagalary mekdebe taýýarlamak,
olaryň okuw we döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, sagaldyş çäreleri üçin
hemme şertlere eýedir. Kompýuter we lingafon otaglary, aýdym-saz we sport
zallary, iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde suwda ýüzmäge
niýetlenen uly howuz hem bar. Sekiz toparyň her birinde çagalaryň doly derejede
we sazlaşykly iýmitlenmegi üçin ajaýyp görnüşde gurnalan naharhana toplumy bar.