Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda eziz Diýarymyzyň hemişelik bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Onuň kuwwaty ýylda 300 tonna barabardyr.
Demir gurnamalarynyň önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer, desgalaryň düzüm bölekleriniň mäkämligini we ygtybarlylygyny üpjün eder, şeýle hem olaryň ulanyş möhletini artdyrar.
Şeýle hem kärhananyň önümleri senagatda, energetikada, şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak hem-de bezemek boýunça işlerde giňden ulanylar.