milli goshun logo
Okuw sapagy geçirildi
Okuw sapagy geçirildi
16.04.2022 1419 Okuw kurslary

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşy müdirliginiň Raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölüminiň guramagynda «Raýat goranyşynyň birikmeleri, olaryň wezipesi we dörediliş tertibi»  atly wideo aragatnaşygy arkaly okuw sapagy geçirildi.  Oňa welaýat we Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň hünärmenleri gatnaşdy.

Okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýat, etrap we şäher häkimlikleri boýunça çäkleýin şeýle hem edara-kärhana, guramalarda desgalaýyn raýat goranyşyň birikmeleriniň döredilşiniň tertibi we wezipeleri barada giňişleýin düşünje berildi.  

«Raýat goranyşy».