29-njy
martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz
pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine
başlady. Forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet
konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk
jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw
bermeginde guradylar.
Paýtagtymyzda
dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady
ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we
ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň
mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.
Forumyň
işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür
düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we
Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri,
bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar.
Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri
gatnaşdylar. Foruma gatnaşýanlaryň düzümi dünýäniň işewür toparlary tarapyndan
ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň
artýandygyny görkezýär.