7-nji martda ýurdumyzda giňden
bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň
Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna
bagyşlanan konsert boldy.
Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni
halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa mährem enelere bolan oňyn
gatnaşyklaryny özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden
dabaralandyrylýar. Öý-ojaklaryň sütüni, paýhasly maslahatçy we wepaly ýoldaş
hökmünde gelin-gyzlara hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asylly däbi bolup durýar.
Zenanlar islendik pursatda erkekler bilen deň hatarda durýandyr, olar häzirki
parahatçylyk we abadançylyk eýýamynyň ruhlandyryjy güýjüdir. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden
bäri türkmenler enelere mukaddeslik hökmünde sarpa goýmagy ynsanlyk borjy
hasaplapdyr. Bu asylly ýörelge bagtyýar nesilleriň üsti bilen mynasyp derejede
dowam etdirilýär.