15-nji
dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!»
goşgusyna bagyşlanan «Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi – dünýä nusgalyk görelde»
atly dabaraly maslahat geçirildi.
Oňa
medeniýet we sungat ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal
ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de
ýaşlar gatnaşdylar.
Dabara
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleriniň
edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Artistler döwlet Baştutanymyzyň täze
goşgusyny uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.
Çykyş
edenler täze eseriň, ilkinji nobatda, ýaş nesiller üçin ägirt uly terbiýeçilik
ähmiýetine eýedigini bellediler.