milli goshun logo
Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
07.12.2020 2002 Habarlar

6-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby mejlise gatnaşyjylara gowşuryldy hem-de öňde durýan baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy.

Taryhy maglumatlara esaslanýan düýpli eser döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň toplumynyň üstüni ýetirdi hem-de türkmen halkynyň geljegine garaýyşlaryny beýan etdi.

* * *

Şeýle hem şol gün Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri eseriň awtoryna Hoşallyk hatyny kabul edip, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda mähriban halkymyza şunuň ýaly ajaýyp sowgady üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.