7-nji
fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik
ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
boldy.
Bu
çäre Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän gününde guralyp,
dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklar we
däp-dessurlar bilen tanyşmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn ynsanperwer
hyzmatdaşlygyň dowamy boldy.