16-njy
sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň
tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we
pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ylym
ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda döwlet Baştutanymyzyň kitaplary, ylmy monografiýalary, köp jiltli düýpli işleri hem-de häzirki zaman Türkmenistan, häzirki wagtda türkmen topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmeler, şeýle hem nusgawy we häzirki zaman edebiýaty barada gürrüň berýän owadan bezelen beýleki neşirler görkezildi. Sergide milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabyna hormatly orun berlipdir.