17-nji
sentýabrda paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze eseriniň
neşir edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa hökümet
agzalary, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, döwlet tebigy goraghanalaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, ýokary
okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Çykyş edenler
«Türkmen alabaýy» atly kitabyň ynsanperwerlik ähmiýetini nygtadylar. Onda
türkmen halkynyň durmuşynyň mähriban tebigat bilen özara baglanyşygy, durmuş
gatnaşyklarynyň çuňňur esaslary beýan edilýär. Bu tohum itiň gadymy döwürlerden
bäri çopanlaryň hemrasydygy we süriniň ygtybarly goragçysydygy barada gürrüň
edildi.
Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, türkmen halkynyň taryhy mirasyna göz ýetirmekde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ruhubelentligini arşa götermekde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.