Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý dilinde neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Dabaraly çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Aşgabatda işleýän halkara guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri syýasatşynaslar, diplomatlar, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaktorlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, halkymyzyň köpasyrlyk däplerine daýanmak bilen, Garaşsyz Türkmenistan parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatyny alyp barýar. Bu syýasat ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilendir.