4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, «Miwe» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.