22-nji martda — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.
Döwlet Baştutanymyz kalbyňa joşgun berýän bu habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Milli atşynaslyk ulgamynda täze doglan at taýa at dakylanda, onuň atasynyň ady bilen utgaşdyrmak däbiniň bardygyny bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Akhanyň adynyň birinji harpyna laýyklykda we ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Şapolat atly mele bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullandy. Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, berkarar bolmagyna bagyşlanan «Aşgabat» atly kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişdi.
Döwlet Baştutanymyzyň şatlykly pursatlara ylhamy joşup, «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgyny döretdi we ony hem täze kitapda ýerleşdirmegi makul bildi.