23-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen
didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy. Munuň özi şöhratly
pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza
aýratyn sarpa goýmagyň, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere, geçilen manyly
menzillere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.