1-nji
martda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň
birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda
parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary
ara alnyp maslahatlaşyldy.