11.04.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy
Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy
01.04.2021 114 Habarlar

31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bu gezekki maslahata Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türki geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň meseleleri girizildi.