12-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli
döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII
sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Türki geňeşiň döwlet Baştutanlarynyň bu gezekki sammitine gatnaşmaga
çagyrylmagy hem-de bu guramanyň ýokary derejede geçirilýän maslahatlaryna
birnäçe gezek gatnaşmagy sebit we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk
meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesiniň
subutnamasydyr. Biziň ýurdumyz türki dilli döwletleriň Ýewraziýa yklymynda eýeleýän
çäk taýdan uly giňişliginde netijeli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagy maksat
edinýär.