Şenbe güni — 15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.