Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky
ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.
«Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak
türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Bu
meselede-de biziň ýurtlarymyzyň esasy garaýyşlary ýakyndyr: Türkmenistan hem,
Hytaý Halk Respublikasy hem sebitde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine we
ýüze çykýan meseleleri çözmegiň syýasy-diplomatik usullaryna eýermäge esaslanan
pugta howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Bu meselelerde
Türkmenistan we Hytaý dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edýärler.
Özara hyzmatdaşlyk etmegiň sebit usullaryny döretmäge iş ýüzünde uly goşant
goşýarlar» diýp, Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň dowamynda belledi.