27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny
amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan
işler bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy
bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen
gürrüňdeş boldy. Ol Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi
meýilleşdirilýän “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw
sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary we wezipeleri barada maglumat
berdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň
täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan
gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de merkeziň çäginde açyk asmanyň astynda
geçiriljek okuw maslahatyna taýýarlygyň derejesi, onuň geçiriljek ýeri we
maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň wajyplygy barada giňişleýin
maglumatlar berildi..
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we gurulmagy
meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň taslamalary hem-de olaryň
ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Ady rowaýata öwrülen Akhan
atly bedewiň heýkeliniň oturdylýan ýeriniň, bu ýerde bina ediljek suw
çüwdürimleriniň, gök zolaklaryň taslamalary görkezildi.