milli goshun logo
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy
03.03.2021 373 Habarlar

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr – Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.

Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.

Kanun çykaryjy milli häkimiýet edarasyna halkymyzyň iň mynasyp wekilleri hödürlenildi. Dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlanar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna şu güne çenli Ahal welaýaty boýunça 20 dalaşgär, Balkan welaýaty boýunça bolsa 21 dalaşgär bellige alyndy.