Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Bellige alnan dalaşgärleriň 16-sy welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary, 95-si etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan hödürlenildi, ýurdumyzda dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisleriň 55-si geçirildi.
Dalaşgärleriň ählisi erkin we deňhukukly esaslarda hödürlenildi. Olary hödürlemek we bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilmeginde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi.
Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan 111 dalaşgäriň terjimehallary «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde hem-de ýerli gazetlerde çap edildi.