milli goshun logo
Meýdan mertleri söýýär
Meýdan mertleri söýýär
18.09.2018 987 Habarlar | Sport

Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýüreklerde yz goýan dabaralary henizem dowam edýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz şu gün irden Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän «Sport» myhmanhanasyna baryp, halkara awtoralla gatnaşan türkmen türgenleri we türkmen toparynyň ekipažy bilen duşuşdy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz  «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyp ýeňiji bolan, gowy netijeleri görkezen türkmen türgenlerini Şa serpaýy bilen sylaglap, täze döwrebap awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Ýokary derejeli halkara ýaryşynda Awtomobil federasiýasynyň ýygyndy topary eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, uly goşant goşýandyklary aýratyn bellärliklidir. Gazanylýan her bir ýeňişiň sakasynda Milli Liderimiziň şahsy göreldesi ýatyr. Bu halkara awtoralliniň başlanýan gününde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň badalgany başlap bermegi-de, türkmen türgenlerinde uly ruhubelentlik duýgularyny döretdi.  Aýratyn bellemeli zat, bu gün hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyny – awtoulag sowgadyny alan türgenleriň içinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň awtoulag müdirliginiň serkerdesi Gaýgysyz Akmyradow hem bar. Bu bolsa biz harby gullukçylar üçin has-da ähmiýetli bolup durýar.

Onuň dowamy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen, ýürek buýsançlara ýugrulan çykyşlara, aýdym-sazlara beslenen dabara bilen utgaşyp gitdi. Bu dabarada çykyş edenler bilen bir hatarda Şa serpaýyna mynasyp bolan Gaýgysyz Akmyradow hem söz sözläp, ilki bilen özüne berlen Şa serpaýy üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözlerini aýtdy. Çykyşynyň dowamynda ýeňiji türgen ýaryş pursatlarynda özünde galdyran täsirler barada gürrüň berdi we bu ýeňişini Milli goşunymyza bagyşlaýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdi.

Şa serpaýyny alan tejribeli türgeniň serpaýy onuň maşgala ojagyna hem toý şatlygyny paýlady. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan berlen täze döwrebap awtoulagy ussat türgeniň maşgalasynda türkmen toý-däplerine mahsus häsiýetler bilen garşylandy. Bu buýsanç diňe onuň maşgalasynda şeýle bolman, eýsem, ähli şahsy düzümiň, harby gullukçylaryň hem buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Çünki arzyly ýeňşini milli goşunymyza bagyş eden gaýduwsyz gerçegiň üstünligi her bir Watan goragçysy üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Goý, şeýle üstünlikleriň we ýeňişleriň dowamaty dowam bolsun!

«Milli goşun»