14-nji
martda paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek
boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň
saýlawlary boýunça geçirilen saýlaw möwsüminiň netijeleri jemlenildi.
Habar
berlişi ýaly, bir aý mundan ozal badalga alan hem-de geçen şenbe güni – 12-nji
martda üstünlikli tamamlanan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we
aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda geçip, türkmen jemgyýetinde demokratik
ýörelgeleriň dabaralanýandygyny, ilatyň raýatlyk düşünjeliliginiň ýokary
derejededigini aýdyň görkezdi.
Merkezi
saýlaw toparynyň başlygy mejlisi açyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň –
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna ajaýyp sahypa
bolup giren bu uly ähmiýetli waka bilen oňa gatnaşanlary gutlady. Halkymyz
mizemez agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine
wepalylygyny ýene-de bir gezek görkezip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek,
ata Watanymyzda demokratik ýörelgeleri berkarar etmek ugrunda möhüm ädim ätdi.