Şu gün Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň
Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz 14-nji sentýabrda döwlet
sapary bilen Koreýa Respublikasyna bardy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň
Milli gahrymanlarynyň ýadygärligine bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň
esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Koreýanyň
milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň
nyşany hökmünde agaç bölejiklerini içi közli ýörite gutynyň içine
atdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny
pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we koreý halklaryna
mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.
Matam sazy ýaňlanýar. Koreýanyň milli
gahrymanlaryny hatyralamak dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet
Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň
Prezidentiniň «Çhonwade» köşgüne tarap ugrady. Köşgüň öňünde milli koreý
lybasyndaky harbylar döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweniniň
ýany bilen dabaraly ýörediler. Munuň özi belent mertebeli myhmana
goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon mähirli
garşylady. «Çhonwade» köşgünde Türkmenistanyň Prezidentini resmi
garşylamak dabarasy geçirildi.
Iki ýurduň Prezidentleri bilelikde bellenen ýere
barýarlar. Soňra iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy. Döwlet Baştutanlary
Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we
Koreýanyň Milli goşunynyň baýdagyny sarpalaýarlar. Prezidentler
iki ýurduň Döwlet baýdaklaryny göterip duran çagalary mübärekleýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa
Respublikasynyň, Prezident Li Çže Mýon bolsa ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň
agzalary bilen tanyşdyrylýar. Wekiliýetler bilen tanyşlyk tamamlanandan
soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary «Çhonwade» köşgüniň içine girýärler.
Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabyna
ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde
resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže
Mýonuň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Prezident Li Çže Mýon belent mertebeli türkmen
myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Koreýa Respublikasyna
gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de özara hormat goýmak we ynanyşmak
ýörelgeleri esasynda ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklarynyň
häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Koreýa
Respublikasyna gelmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň
ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp,
türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi. Koreýanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny
beýan edip, koreý-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen
halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Koreýa
Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge möhüm
ähmiýet berýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Koreýa ýurdumyzyň Aziýa
— Ýuwaş umman sebitinde möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgeleri
esasynda yzygiderli ösdürilýär.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň
gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Prezident Li Çže Mýon döwlet Baştutanymyzy ýene-de
bir gezek mähirli mübärekläp, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň
arasyndaky döwletara dialogyň özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri
esasynda ösdürilýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimiziň
şu döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze
sahypany alamatlandyrjakdygyna, köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge
kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Koreý Lideri Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň
ägirt uly gorlaryna eýe bolan, ykdysady taýdan kuwwatly ýurtdugyny
aýdyp, Koreýanyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet
berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, giň möçberli bilelikdäki
taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir senagat kooperasiýasynyň
ýokary derejesini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, iki döwletiň
halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hem hyzmat edýär.
Koreýanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp,
koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işlemegi babatda
döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip,
öz ýurdunyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma
bildirýändigini aýtdy. Şeýle-de Prezident Li Çže Mýon sebitde çylşyrymly
syýasy dartgynlylyk döwründe Koreýa Respublikasynyň raýatlaryny
Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmäge döredilen mümkinçilik
hem-de berlen goldaw üçin türkmen tarapyna aýratyn hoşallyk bildirip,
bu ynsanperwer çäräniň özara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetine
şaýatlyk edýändigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen gelmek
baradaky çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň
wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasyna
ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde
uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý
gatnaşyklaryny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň noýabrynda
Koreýa amala aşyran saparynyň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp,
şol saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda
möhüm waka bolandygyny, häzirki döwürde ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy
täze ugurlar bilen has-da ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Koreýa Respublikasynyň
Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygyna
ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, öz nobatynda, Türkmenistanyň
hem Koreýanyň dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleriniň ençemesi
boýunça garaýyşlaryna hormat goýýandygyny belledi. Koreýa Respublikasy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň
başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalaryny hemişe goldap çykyş etdi.
Türkmenistan hem Koreýa Respublikasynyň bu ugurdaky başlangyçlaryna
goldaw berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň
başlangyjy esasynda Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen
«2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany Koreýa Respublikasynyň
Hökümetiniň goldandygy we onuň awtordaşy bolup çykyş edendigi
üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl Türkmenistan
bilen Koreýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna
35 ýyl dolýandygyny, munuň iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm
ähmiýetli senedigini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli
ösdürilýändigine şaýatlyk edýändigini aýdyp, bu şanly senäni
iki ýurtda hem giňden bellemegi, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagy
teklip etdi.
Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda
aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyz koreý kompaniýalarynyň türkmen
bazarynda alyp barýan işine ýokary baha berýär. Olaryň gatnaşmagynda
strategik taýdan ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi
we bu işler dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda
jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslaryň
we ýeňil awtoulaglaryň düzýändigini, gämigurluşyk pudagynda koreý
kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, Arkadag şäherinde
lukmançylyk klasteriniň taslamasyny amala aşyrmaga-da koreý kompaniýasynyň
gatnaşýandygyny belläp, ýurdumyzyň maýa goýum, söwda, energetika,
senagat, himiýa senagaty, demir ýol ulaglary, emeli aň, ylym, tehnologiýalar,
suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary
işjeňleşdirmekde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini
belläp, ulag ulgamynda bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň
açylýandygyna ünsi çekdi. Ýurdumyz Koreýa Respublikasyna Aziýa
— Ýuwaş umman sebitinde örän wajyp hyzmatdaş hökmünde garaýar. Häzirki
döwürde Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta
ugurlary boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde üstaşyr ulag, logistika
üpjünçilik ulgamlarynyň köpşahaly ugruny döredýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň koreý kompaniýalarynyň
bu taslamalara gatnaşmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Türkmenistan ynsanperwer ulgamda-da ikitaraplaýyn
gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýär. Iki ýurtda hem sungat ussatlarynyň
gatnaşmagynda medeni çäreleri geçirmegiň uly tejribesi toplandy.
Özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz 16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasynda
Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň
geçiriljekdigini aýdyp, ýurdumyzyň giň gerimli medeni hyzmatdaşlygy
ösdürmegi maksat edinýändigini mälim etdi.
Ylym-bilim ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
bolup durýar. Ylmy işler, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Hormatly Prezidentimiz saparyň ikitaraplaýyn
gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilendigini, geçirilen
gepleşikleriň bolsa iki döwletiň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklaýandygyny aýdyp, türkmen
tarapynyň bu saparyň netijelerine ýokary baha berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz geçirilen netijeli gepleşikler,
iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy
üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirip, Prezident Li Çže Mýony geljek
ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de mümkinçilikden
peýdalanyp, Koreýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw
etdi.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda
ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şol resminamalaryň
hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we goramak
hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek we
özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni
bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we serişdeler ministrliginiň
arasynda himiýa senagatynda we senagat gurluşygynda hyzmatdaşlyk
etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Koreýa Respublikasynyň
Howa, energetika we daşky gurşaw ministrliginiň arasynda suw serişdelerini
dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Koreýa
Respublikasynyň Gender deňligi we maşgala ministrliginiň arasynda
ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen
Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministrliginiň
arasynda intellektual eýeçilik babatda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk
etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Adalat ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň
arasynda hukuk we ýustisiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen
Koreýa Respublikasynyň Ýokary prokuraturasynyň arasynda
transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk
etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Döwlet gümrük gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Koreýa Gümrük
gullugynyň arasynda serhetde intellektual eýeçilik hukugyny goramak
babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň
Koreýa Milli polisiýa agentliginiň arasynda polisiýa hyzmatdaşlygy
barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary
işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura
we ulag ministrliginiň arasynda infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk
etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir
ýol ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura
we ulag ministrliginiň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk
etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň
Koreý tokaý gullugynyň arasynda tokaýlary sanly görnüşde dikeltmek
we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek
barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň hormatyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže
Mýonuň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.
Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman
Serdarymyz Songýungwan uniwersitetine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy
uniwersitetiň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom mähirli garşylady. Soňra hormatly
Prezidentimiz we Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy bilelikde
bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň ylym, bilim, medeniýet
ulgamlarynda ýeten sepgitlerine, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan
sergi bilen tanyşdylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilim
almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Ilatyň ylym-bilim derejesiniň ýokary bolmagy, edil saglyk ýaly, her
bir ýurduň gymmatly baýlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
bu sergide ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmak
mümkin boldy. Amaly-haşam sungatyna bagyşlanan bölüm sergä aýratyn
öwüşgin çaýýar. Bölümde dünýä belli türkmen el halylary, kümüşden
ýasalan şaý-sepler hem bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Ýu Ji Bom uniwersitetiň
uly maslahatlar zalyna bardylar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza
Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini
bermek dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda ýygnananlar ilki
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlary bilen
tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň
Prezidentiniň baştutanlygynda we baý syýasy tejribesi esasynda bütin
dünýäde diplomatik gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek,
Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalaryň
çäklerinde hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak ugrunda uly işler
amala aşyrylýar. Koreýa Respublikasynda döwlet Baştutanymyzyň dolandyrmak
başarnyklary esasynda Türkmenistanyň döwlet ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak,
dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak babatda bitiren
hyzmatlaryna ýokary baha berilýär.
Hormatly Prezidentimiz 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda
döwlet edaralarynda, şol sanda daşary işler, energetika, senagat
önümçiligi we ykdysadyýet ýaly giň ugurlarda baý iş tejribesine
eýe bolup, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanyldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sanly ulgama geçmek,
senagaty döwrebaplaşdyrmak ýaly wajyp özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem sanly dolandyryş ulgamy, maglumat we kommunikasiýa infrastrukturasy
döwrebaplaşdyrylýar, import edilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli
önümçiligiň ösdürilmegi bilen, milli ykdysadyýet diwersifikasiýalaşdyrylyp,
durnukly ösüş üpjün edilýär.
Soňra Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy
Ýu Ji Bom çykyş edip, hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýetiniň
agzalaryny mähirli mübärekledi hem-de şu dabaranyň ähmiýetini
belledi.
Ýu Ji Bom döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň
syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmeginiň iki
döwletiň arasynda kemala gelen ylmy we dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň
beýanydygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda, baý syýasy tejribesi esasynda Türkmenistan durnukly
ösýän döwletleriň hatarynda ornuny berkitdi. Türkmen halkynyň bagtyýar
durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny
artdyrmak ugrunda uly işler amala aşyryldy. Bu işler 1398-nji ýylda döredilip,
600 ýyldan gowrak taryhy bolan ýokary okuw mekdebiniň esasy ýörelgelerine
gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Songýungwan uniwersiteti hormatly
Prezidentimize syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini bermek
kararyna geldi.
Kararda bellenilişi ýaly, daşary işler, kanun
çykaryjylyk, ýerli dolandyryş we ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça
giňişleýin tejribesi, Türkmenistanyň döwlet ösüşine ýolbaşçylyk
edip, sanly ykdysadyýete geçmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak
arkaly durnukly döwlet ösüşiniň binýadyny goýandygy, şeýle-de Bitarap
daşary syýasaty alyp barmak we sebitiň döwletleriniň arasyndaky
hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagalla edip, Merkezi Aziýanyň syýasy
durnuklylygyna, ykdysady ösüşine uly goşant goşandygyny göz öňünde
tutup, Aspirantura komitetiniň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Songýungwan uniwersitetiniň syýasy
ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.
Bu dereje Koreýa Respublikasynyň ylmyna we
medeniýetine aýratyn goşandy ýa-da adamzat medeniýetiniň ösüşinde
uly hyzmatlary ykrar edilen şahsyýetlere berilýär. 1957-nji ýylda
bu derejäniň ilkinji gezek gowşurylyp başlan pursadyndan bäri ol
bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowa berildi.
Çykyşynyň ahyrynda Ýu Ji Bom hormatly
Prezidentimizi syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi
bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi.
Soňra hormatly Prezidentimize degişli diplom gowşuryldy.
Diplom gowşurylandan soňra, döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň
ýolbaşçysy hem-de aspirantura fakultetiniň dekany bilen bilelikde
ýadygärlik surata düşdi.
Soňra çykyş etmek üçin Arkadagly Gahryman
Serdarymyza söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz syýasy ylymlaryň hormatly
doktory diýen ýokary adyň berlendigi üçin Songýungwan uniwersitetiniň
ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirip, Koreýanyň örän meşhur hem-de 6 asyrdan hem gowrak taryhy bolan
gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýokary akademik derejesini
almagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu
sylagy Türkmenistana goýulýan ýokary hormatyň, ýurdumyzyň ýeten
derejesiniň ykrar edilmeginiň, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň nyşany hökmünde kabul
edýändigini aýdyp, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň bu gatnaşyklary
ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
“Soňky ýyllarda iki döwletiň Hökümetleriniň
goldaw bermeginde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary
ösdürmekde oňyn netijeler gazanyldy. Bu gatnaşyklarda Songýungwan
uniwersiteti aýratyn orun eýeleýär. Bu bilim ojagy bilen Halkara
ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersiteti işjeň hyzmatdaşlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň türkmen
hem-de koreý halklarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga
ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň täze bilelikdäki
bilim başlangyçlaryna uly ähmiýet berýändigini aýdyp, olaryň hatarynda
talyplary, mugallymlary, ylmy işgärleri alyşmagy, bilelikdäki
bilim maksatnamalarynyň sanynyň artdyrylmagyny belledi. Şeýle hem
Arkadagly Gahryman Serdarymyz emeli aň, inženerçilik, energetika, sanly
tehnologiýalar, senagat menejmenti boýunça hünärmenleri taýýarlamak
maksatnamasyny işläp düzmegiň möhümdigini aýdyp, bu başlangyçlary
amala aşyrmaga uly halkara abraýy bolan Songýungwan uniwersitetiniň
işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz hormatly doktor diýen akademiki
derejäniň berlendigi üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna ýene-de
bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň talyplaryna,
professor-mugallymlaryna we ähli işgärlerine iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi.
Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz
hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimize Songýungwan
uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen derejäniň
berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň
halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky
aýdyň mysaly boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna
döwlet sapary dowam edýär.
* * *
Döwlet Baştutanymyzyň Koreýa Respublikasyna
saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary bilen koreý
tarapynyň wekilleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar
geçirildi. Duşuşyklarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň
ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara
aýratyn üns bermek bilen, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegiň
ýollary barada pikir alyşdylar.
* * *
Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen «YUHANTECH Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmat edişde innowasiýalar we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «LS Cable & System» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «DAEWOO Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Garagum derýasynyň 850 — 1100 km aralygynda hereket edýän suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek we täze suw hojalyk desgalaryny gurmak» taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ bilen «Yousung Co., Ltd.» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Koreýa tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň (KOREATECH) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kýung Hi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Inçhon milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Seul milli uniwersitetiniň Aziýa merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Seul milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda ylmy we akademik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «Yonhap» habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Songýungwan uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýeti milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyşda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.