milli goshun logo
Mediaforumda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemi jemlendi
Mediaforumda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemi jemlendi
29.11.2023 1815 Sport

Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman mediaforumy açyk diýip yglan edip, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Mediaforumda şeýle hem Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi nygtaldy.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, paýtagtymyzda dünýä ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilendigi üçin hormatly Prezidentimize, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde ýörite sport lybaslaryny we degişli güwänamalary gowşurdy.