Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri hem-de mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, döwlete degişli däl ulgamdaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hususy maliýe edaralary, kiçi kärhanalar, ýurdumyzyň orta we iri kompaniýalary üçin maýa goýumlary bölüp bermegiň hem-de maslahat hyzmatlaryny hödürlemegiň mümkinçiliklerine garaldy.