Gaznaly türkmenleriň döwletiniň meşhur hökümdary
Mahmyt Gaznaly (hökümdarlyk ýyllary 998-1030 ý.) 971-nji ýylyň 2-nji
oktýabrynda Owganystanyň Gazna şäherinde dogulýar. Mahmyt Gaznaly 27 ýaşynda Gaznaly tagtyna
geçýär. Gündogarşynaslar K.E.Boswort, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý onuň
nesliniň türkmenleriň gaýa (kaýy) boýundandygyny ýazýarlar.
Bagdat halyfy Kadyr Mahmyt Gaznalynyň harby taýdan
başarjaňlygyny, döwleti dolandyrmakda syýasy kynçylyklardan ýerlikli baş alyp
çykandygyny göz öňünde tutup, oňa «Döwletiň daýanjy we dini jemgyetiň ynamdar
wekili» (Ýemin ad-daula amin al-milla) diýen hormatly at bilen bilelikde
«Horasanyň soltany» diýen nyşany berýär.
Mahmyt Gaznalynyň döwletiniň çäkleri Eýrandan
Hindistanyň Gang jülgesine, Horezmden Hind ummanyna çenli ýaýylyp gidipdir.
Mahmyt Gaznaly 30–55 ýaş aralygynda, ýagny 1001–1026-njy ýyllar aralygynda
Hindistana 17 gezek ýöriş gurapdyr. Hindileriň üstüne uzaga çeken gazawatlary
guran hem bolsa, şol halkyň ömürboýy döreden medeni mirasyna uly sarpa
goýupdyr. Gurlan kaşaň ymaratlary aýawly saklamagy berk tabşyrypdyr. 30 ýaşynda
Garahanly türkmenleriň hökümdary Nasyr bilen Samanlylaryň mülklerini bölüşýär
hem-de şertnamany berkitmek üçin onuň gyzyna öýlenýär. A.Ý.Ýakubowskiý «Mahmyt
Gaznaly, gürrüňsiz, öz döwrüniň meşhur diplomatydy» diýip ýazýar. 31 ýaşynda
Sistany (1002 ý.), 41 ýaşynda Garçystany (Owgan Türküstanynda) boýun egdiripdir
(1012 ý.). Horezme (1017 ý.), Gurlularyň üstüne üç gezek (1011, 1015, 1020 ý.)
ýöriş edipdir. Horasanda agalyk etmek üçin Garahanly türkmenleri bilen ençeme
gezek çaknyşypdyr (1006, 1008, 1019 ý.).
Nyzamylmülk «Syýasatnama» kitabynda Mahmyt Gaznaly
barada: «Döwlet dolanyşygynyň inçe syrlaryny doly öwrenip, hökümdarlyk etmekde
özüniň ajaýyp medeniýetliligi bilen il içinde taryplanypdyr. Ol mydama dünýäden
öten meşhur patyşalar barada rowaýatlary diňlemegi gowy görüpdir. Şol öten
patyşalara sarpa goýmagy başarypdyr. Özüniň adalatlylygy bilen Mahmyt halkyň
içinde uly şöhrata eýe bolupdyr. Ol musulman dünýäsinde yslam üçin göreşen hökümdar
hökmünde tanalypdyr» diýip ýazypdyr.
Alymyň köşk howandarlygy, hemaýaty bolmasa ýeke
özüniň bitirjek işi ýok. Ylym köp çykdajylary talap edýär. Ylmy maddy
serişdeler bilen üpjün etmäge we goldamaga köşgüň güýji ýetýär. Dünýäde
meşhurlyk gazanan beýik alymlaryň galabasy köşkde ýaşap, köşgüň hemaýatyndan
peýdalanan adamlar. Mahmyt Gaznaly hem şu hakykata gulluk edipdir. Öz eýelän
ýerlerinden alymlary paýtagta — Gazna çagyryp, olar üçin zerur şertleri
döretmäge çalşypdyr. Soltan Köneürgenji öz tabynlygyna alansoň, musulman
dünýäsinde ady belli matematik, astronom we taryhçy Abu Reýhan Birunyny
(973–1048) Gaznanyň alymlar köşgüne alyp gaýdýar. Biruny Gazna geleninde,
özüniň ylmy hazynasyny ýany bilen alyp gelmegi başarypdyr. Gündogaryň beýik
alymy Biruny soltan Mahmyt Gaznalynyň Hindistana eden ýörişlerine gatnaşyp,
hindi alymlarynyň kömek bermeginde «Hindistan» diýen uly eserini döredipdir.
Munuň üçin Biruny 44 ýaşynda iň kyn
dilleriň birini hasaplanýan sanskrit dilini öwrenipdir. Birunydan başga-da, Abu
Nasr ibn Yrak, Abdysamet ibn Abdysamet al-Hakim, Abulhaýyr ibn’ul Hammar ýaly
ylmyň dürli ugurlarynda meşhur alymlar hem Mahmydyň hemaýatyndan
peýdalanypdyrlar.
Abul Fath Aly ibn Muhammet al-Busty, Abulkasym
Zyýat ibn Muhammet al-Kamary al-Jürjany, Abu Bekr Muhammet ibn Aly Hysrowy
as-Sarahsy... Gaznaly türkmenleriniň köşgüniň hemaýatyny gören alymlardyr,
şahyrlardyr. Taryhçy Muhammet Utby 1021-nji ýylda «Soltan Mahmyt Gaznalynyň
taryhy» atly kitabyny ýazýar. Utby soltan Mahmydyň Gaznada gurduran medresesiniň
ýerden petigine çenli gadym we täze döwrüň adamlarynyň ylymlaryna degişli,
alymlaryň eserlerinden doldurylandygyny ýazýar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW.