Mälim bolşy ýaly, ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo
şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa
hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara
festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki
oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy
hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy.
Bu ajaýyp wakanyň hormatyna şu gün Arkadag şäherinde dabaraly çäreler
ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda
ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary
ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara,
tanslara goşuldylar.
Dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasyna tarap ugradylar.
Olar ýolugruna bu ýerde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalary,
türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli zehininden kemala gelen
Arkadag şäheriniň gözel keşbini synladylar. Biraz wagtdan dabara gatnaşyjylar
«Taýçanak» binasynyň ýanyna geldiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly
adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. «Sag bol Gahryman Arkadagymyz,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi çäräniň ajaýyp
jemlenmesine öwrüldi.
Dabaralar tamamlanandan soňra, Arkadag şäherinde toý
sadakasy berildi. Onda Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi,
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,
ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň bähbidine alyp barýan
döwletli işlerinde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagy dileg edildi.