milli goshun logo
«Deňizçi» atly harby-çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy
«Deňizçi» atly harby-çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy
2 gün öň 146 Habarlar

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan taýýarlanylan, ýurdumyzyň deňiz çäklerini ygtybarly goraýan merdana deňizçileriň harby durmuşyndan söz açýan «Deňizçi» atly harby-çeper filme tomaşa etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Harby-deňiz güýçlerimiz birkemsiz enjamlaşdyrylyp, kuwwatly häzirki zaman harby floty emele geldi. Onuň düzümine söweşjeň mümkinçilikleri ýokary bolan täze gämiler gelip gowuşdy. Bu işleri netijesinde ýurdumyzyň deňiz çäklerinde ýurdumyzyň goragy ýokary derejede üpjün edildi. «Deňizçi» atly harby-çeper filmde şol mümkinçilikler täsirli wakalaryň üsti bilen giňişleýin şöhlelenýär. «Altyn asyr: Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Arkadag», «Türkmenistan: sport» teleýaýlymlarynda giň tomaşaçylar köpçüligine ýetiriljek filmiň tutuşlygyna watansöýüjilige, harby hünäre söýgä, parasatly pederlerimiz tarapyndan kemala getiren asylly häsiýetleri özünde jemleýän harby deňizçilere bolan buýsanja ýugrulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.