milli goshun logo
Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragçylarynyň şanyna baýramçylyk konserti geçirildi
Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragçylarynyň şanyna baýramçylyk konserti geçirildi
3 sagat öň 23 Habarlar

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geçirilen baýramçylyk konserti bilen has-da joşgunly häsiýete eýe boldy. Dabaranyň başynda uly buýsanç bilen Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Soňra baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerinde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna iberen Gutlagy okaldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baýramçylyk Gutlagy dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi hem-de harby gullukçylaryň bagtyýar geljege, berkarar döwre bolan buýsanjyny artdyrdy. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edildi hem-de Döwlet kasamy ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynyň dowamynda «Jebisligiň joşguny» atly edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi, hoş owazly aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy Watan goragçylarynyň kalbynda ýakymly täsir galdyrdy. Edebi-sazly kompozisiýada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň döwlet berkararlygymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, halkymyzyň asuda we parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durandyklary buýsançly jümleleriň hem-de şygyr setirleriniň üsti bilen beýan edilýär.

Baýramçylyk dabarasynda ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar, dabara gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterip, baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Olarda berkarar döwletimiziň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatlygynyň waspy belentden ýetirildi. Aýdymlaryň sazynda, sözünde, heňinde çuňňur watançylyk ruhy möwç urýar.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdaryma!» diýen jemleýji aýdymy merdana Watan goragçylarynyň ýürek owazy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza egsilmez alkyş bolup ýaňlandy.