milli goshun logo
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gyrgyz dilinde
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gyrgyz dilinde
18.10.2024 96 Habarlar

Düýn – 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Magtymgulynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysy hem iki doganlyk halkyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny görkezýär. Täze neşir gyrgyz okyjylarynyň dana Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär. Onda şahyryň belent adamkärçilik häsiýetlerini wasp edýän onlarça goşgusy ýerleşdirilipdir.