milli goshun logo
Küştdepdi – halklary birleşdirýän tans
Küştdepdi – halklary birleşdirýän tans
03.12.2020 1572 Habarlar

2-nji dekabrda Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş direktory Dýusen Kaseinowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga häzirkizaman kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly türki dilli döwletleriň köpsanly artistleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň, olaryň mirasyny sungatda wagyz etmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dabaranyň resmi böleginden soňra Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli türki dilli ýurtlaryň köpsanlysy türkmen halkyna gutlag bilen ýüzlendiler. Soňra gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde joşgunly «Küştdepdi» wideofestiwalyny emele getirdiler, onuň barşynda TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşinde türkmen halk tanslarynyň ýerine ýetirilişiniň wideoroliklerini görkezdiler we ony aýdym bilen utgaşdyrdylar.